

Блог
obaoglany





Abu Sagyt Makbury şeýle diýýär: «Bir gezek pygamberimizden:
— Eý, Allanyň ilçisi! Haýsy hajynyň sogaby uly — diýip soradylar.
Onda ol:
— Allanyň adyny iň köp zikr edeniň — diýdi.
Ondan:
— Haýsy namaz okanyň sogaby uly? — diýip soradylar.
Pygamberimiz:
— Allanyň adyny iň köp zikr edeniň — diýdi.
Ondan:
— Haýsy orazalynyň sogaby uly? — diýip soradylar.
Ol:
— Allanyň adyny iň köp zikr edeniň — diýdi.
Ondan:
— Haýsy mujahydyň sogaby uly? — diýip soradylar.
Onda ol:
— Allanyň adyny iň köp zikr edeniň — diýdi.
Abu Sagyt Makbury şuny üstüne goşdy: «Omar ibn Hattap hezreti Abu Bekre şeýle diýdi: «Allanyň adyny zikr edenler diňe haýry alyp gitdiler».
|
| ||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
|
| ||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
|
| ||||||||||||||||||||||||||||||||||||||
|
| ||||||||||||||||||||||||||||||||||||||

Dünýädäki iň uly haly Türkmenistanyň Bäherden etrabynda, “Türkmen haly” kärhanasy 2001-nji ýylda öndürdi. Bu äpet halynyň uzynlygy 21 metr, ini bolsa 14 metrdir. Bu halynyň göwrümi 31 metr kw bolup, bu halyny 40 adam bolup ýasapdyrlar. Bu haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna ýasaldy. Bu haly şu wagt hem Türkmenistanyň Milli muzeýinde bar. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu halyny dokanlara ýörite sylaglar gowşyrdy.
تورکمن صحرا مدیا | ||
www.turkmensahramedia.com | ||
بیرنجی صحیفه (صفحه اول) | info@turkmensahramedia.com | |